BAGTYÝAR NESIL

Türkmenistan bagtly çagalygyň hem-de iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr.

Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabyndaky Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan 176-njy çagalar bakja bagynda döredilen aýdym-saz gurnagy hem bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerinden ruhlanyp, işjeň hereket edýän gurnaklaryň biridir. Biz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyş bolmak üçin çagalar bakja bagynyň aýdym-saz mugallymy Gyzylgül Babaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, çagalar bilen alyp barýan terbiýeçilik işleri barada şeýle gürrüň berdi:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, belent adamkärçilikli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol çagalara mynasyp terbiýe bermegi, sagdyn ruhly, berk bedenli ýaşlary ýetişdirmegi, bilim we dynç alyş üçin amatly şertleri döretmegi özünde jemleýär. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli orta mekdepleridir çagalar baglarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda dürli gurnaklar hereket edýär. Biziň çagalar bakja bagymyzda hem çagalary mekdebe taýýarlamakda, olara bilim we terbiýe bermekde ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Çagalyk ýyllary ynsan ömrüniň iň gyzykly döwri hasaplanýar.

Ata-babalarymyz terbiýeçilik işinde çagalara ýaşlygyndan uly üns beripdirler. Sebäbi çagalar ýaş wagtynda örän bilesigeliji bolýarlar. Şonuň üçin hem olar kiçilikde öwrenen zatlaryny ýadynda saklaýarlar. Olaryň her biriniň özboluşly zehini, ukyp-başarnygy bar. Biri surat çekmäge höwesek bolsa, ýene biri aýdym aýtmaga, beýlekisi tans etmäge ökdedir.

Men aýdym-saz mugallymy hökmünde bakja bagymyzda terbiýelenýän çagalara her bir baýramçylyk dabaralary mynasybetli aýdym aýtmagy, tans etmegi öwredýärin. Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde, olary döredijilige höweslendirmekde gurnakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Gurnagymyzda zehinli çagalaryň kiçi, orta we mekdebe taýýarlaýyş toparlary bolup, biz olar bilen tans hereketleri boýunça türgenleşik işlerini yzygiderli alyp barýarys. Çagalaryň tans hereketlerini örän çaltlyk we ökdelik bilen özleşdirişleri bizi diýseň guwandyrýar. Çagalara milli we döwrebap tanslary öwredýäris.

Bakja bagymyzdaky aýdym-saz otagy türkmen milli saz gurallarynyň görnüşleri, tans goýlanda gerek bolýan serişdeler, milli egin-eşikler bilen doly üpjün edilýär. Geçirilýän bäsleşiklerdedir baýramçylyk dabaralarynda çagalar bilen türkmen halk döredijiligindäki aýdymlary, tans hereketleri bilen bilelikde ýerine ýetirýäris. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny hem sahnada janlandyrýarys.

Çagalar aýdym-saz gurnagymyza uly höwes bilen gatnaşýarlar. Goýýan tanslarymyzy bagtyýar çagalar uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda “Güller”, “Saýawan”, “Geldi bahar ilime!” ýaly täze tanslaryň we aýdymlaryň üstünde işleýäris. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Taýýarlan Allamyrat SAPAROW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.

“Nesil” gazeti,

30.03.2017ý.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 20 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 20 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 21 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI