Ahalteke bedewleri halkymyzyň göz-guwanjydyr, iň ýakyn syrdaşy hem gardaşydyr.
Ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz behişdi bedewlerimiz barada:
«Behişdi bedewlere olaryň mekanynda — türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda biz döwlet nyşanlarymyzy döreden wagtymyz Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbini ýerleşdirmegi makul bildik » diýip belleýär.
Türkmen halkynyň atşynaslyk taryhy öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen bedewlerimiz diňe bir ýyndamlykda we owadanlykda däl, eýsem özüniň duýgur häsiýetleri bilen hem şan-şöhrata eýedir. Muny dünýä edebiýatynda, rowaýatlarynda, şadessanlarynda, ertekilerinde we halk döredijiliginde ahalteke bedewlerimiziň esasy gahrymanlar kimin beýan edilmegi hem aýdanlarymyzy aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ady äleme dolan türkmen bedewleriniň ajaýyp keşpleri sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Şeýle ajaýyp sungat eserlerini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň döredijiliginde hem görmek bolýar. Olaryň eserleriniň her biri diňe bir atyň daşky keşbini janlandyrmakdan ybarat bolman, eýsem onuň häsiýetini, duýgurlygyny hem-de beýan edilýän pursadyň näme bilen baglydygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmaga, atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu ýyl paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna atçylyk sporty — konkuryň girizilmegi hem türkmen halkynyň bedewlerine bolan ynamynyň çäksizdiginiň subutnamasydyr. Ähli welaýatlarda häzirki zaman aýlawlar guruldy we olarda yzygiderli at çapyşyklary guralýar. Halkymyza şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Wepa SULTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
22.04.2017ý.