TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ÜSTÜNLIGI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň golaýda Belarus Respublikasynda nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşiginde gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan syýasatynyň ajaýyp netijeleriniň nobatdaky subutnamasy boldy.

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Biz muňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarda talyp ýaşlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri arkaly hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen talyplary hormatly Prezidentimiziň özleri hakda edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge, bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýarlar. Ýakynda Belarus Respublikasynyň ulag uniwersitetinde geçirilen nazary mehanika boýunça 13-nji halkara olimpiadasyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Watanymyza ajaýyp ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri-de aýdanlarymyzyň aýdyň güwäsidir.

Belarusda geçirilen ders bäsleşiginde şahsy birinjilikde altyn medal gazanan türkmen  talybyna söz berýäris :

Meýlis MÄLIKOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby:

— Türkmen halkymyzda “Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňüni” diýen parasatly söz bar. Bu ajaýyp paýhasdan ugur alyp, bilim ulgamyny ösdürmegi iň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hem kämil bilim almagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ýurdumyzda biz — talyp ýaşlaryň giň gözýetimli, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýesi bolup ýetişmegimiz üçin döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.

Aprel aýynyň 18-21-i aralygynda Belarus Respublikasynda geçen nazary mehanika boýunça 13-nji halkara ders bäsleşigine Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Hytaý Halk Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýokary okuw mekdepleriniň 35-sine wekilçilik eden talyplaryň 145-si gatnaşdy. Bu üstünlikli ýaryşda özümiň şahsy birinjilikde altyn medala mynasyp bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ders bäsleşiginde talyp ýoldaşym Mekan Toýjanowyň kümüş medala mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi.

Bäsleşigiň çäginde guralan “Breýn-ring” bäsleşiginde uniwersitetimiziň talyplar topary şowly çykyş edip, ikinji orny eýelediler hem-de ders bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň ýörite baýragyna eýe boldular. Bu halkara ders bäsleşiginde ýokary netijeleri gazanmagymyzda mugallymymyz — uniwersitetimiziň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gylyçmämmet Orazowyň çeken irginsiz zähmeti aýratyn bellärliklidir. Gazanýan üstünliklerimiz bilen mähriban Watanymyzyň halkara abraýyna goşant goşmak, halal zähmet çekip, ilhalar, kämil ynsanlar bolup ýetişmek biz — ýaşlaryň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim almaga, abraýly halkara ýaryşlara gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.

“Nesil” gazeti,

25.04.2017 ý.

Meňzeş habarlar