ÝAŞLAR BIZIŇ RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň guramagynda bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, medeniýet-sungat işgärleriniň gatnaşmagynda etrabyň 9-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «Ýaşlar biziň röwşen geljegimizdir» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

     Duşuşygyň başynda çykyş edenler ýurdumyzda iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň şanly 33-ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Çärede sungat mekdebiniň ýaş zehinli aýdymçy ýaşlarynyň ýüreklerinden joşup çykan aýdymlary, şeýle-de «Hazar nagmalar» folklor tans toparynyň çykyşlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Çäräniň dowamynda medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşan ýaşlarymyzy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Esenguly etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglamak dabarasyna uly orun berildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar baradaky aladany hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT