Ruhy sütün

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülleýän, özgerýän ýurdumyzda toýdur baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şol baýramçylyklaryň hatarynda halkymyzyň täze taryhynyň şanly seneleriniň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Türkmenistan döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi, adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygy ykrar edilýär, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepillikleri berkidilýär. Başgaça aýdylanda, Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň esasy hukuk binýadyny emele getirip, döwlet gurluşynyň, adamyň we raýatyň esasy hukuklarynyň hem-de borçlarynyň yzygiderliligini resmi beýanda şöhlelendirýär. Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapan döwrebap kadalar ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, raýatlarymyzyň bilime, zähmete, ýaşaýşa bolan hyjuwyny batlandyrýar, eşretli geljege berk ynam döredýär.

Magtymguly Pyragynyň: “Bir suprada eda bolsun aşymyz” diýen setirlerinde halkyň berkarar döwlet gurmagy, nesilleriň bagtly durmuşda erkin ýaşamagy baradaky arzuw-islegleri Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen hasyl boldy. Bu gün dana şahyryň şygyrlarynda beýan eden arzuw-umytlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarymyzda we ýörelgelerimizde täze belentliklere beslenýändigi aýdyň görünýär. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Onuň goşgulary biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýaşap gelýän menzil-mekanyny, türkmen tebigatyny, türkmeniň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Onuň döredijiligi bolsa geljekki ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Çünki çeper söz ussadynyň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir. Beýik Pyragynyň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, adamzat nesliniň ruhy sagdynlygyny üpjün edýän esasy sütünleriň biridir.

Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Beýik şahyryň edebi mirasynyň biziň üçin özboluşly terbiýe mekdebidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda birnäçe asyrlaryň dowamynda nesilleriň terbiýelenip gelendigini yzygiderli nygtaýar.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda aslynda islendik aýratyn alnan döwrüň ruhy ýaşaýşyndan, jemgyýetçilik gurluşyndan, syýasy-ykdysady durmuşyndan, ene topragynyň ruhundan, mahlasy adamzat barlygynyň we bähbitleriniň jemlenen ýeri bolan Watan baradaky duýgularyna aýratyn orun berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda adamyň we raýatyň tebigy we mizemez hukuklary, milli däp-dessurlarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan kämilleşip gelen ata-enä hormat, ula-kiçä sylag, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, geçirimlilik, kanagatlylyk we myhmansöýerlik ýaly ýagşy ýörelgelerimiz täze öwüşgine eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň goşgusynda: “Ozal akan ýerden akarmyş aryk...” diýlişi ýaly, ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gelýän ahlak kadalary ýaş nesle öwretmek, bilim-sowat, edep-terbiýe bermek ýaly asylly ýörelge arkama-arka dowam edip gelýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň döwrebap bilimli, ökde hünärli, kämil ahlakly, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmekleri baradaky aladalar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim pudagyny düýpli özgertmek baradaky syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän nesli ylymly-bilimli, Watana wepadarlyk, ynsanperwerlik, ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli şertler döredilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr” diýip nygtaýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan watansöýüji, belent ahlakly, ylymly-bilimli ýaşlar döwletiň kämil ösmegini üpjün etmekde esasy şertleriň biridir. Bagtyýar geljegiň bilimiň kämilligine baglydygyny, ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagynda wajyp orun tutýandygyny Magtymguly atamyzyň: “Alymlara uýsaň, açylar gözüň” diýen goşgy setirlerinden görmek bolýar.

Esasy Kanunymyzyň kadalarynyň ösüş ugurlary adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny üpjün etmek bilen, raýatlarymyzyň hukuk kepilliklerini, bagtyýarlyk döwrümiziň durmuş-ykdysady derejesini we geljekki ösüşlerimizi özünde jemleýär. Magtymguly atamyzyň eserleriniň gadyr-gymmaty çäksizdir. Onuň döredijiligi häzirki zaman ýaşlarymyzy hem-de geljekki nesillerimizi terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Bütin manyly ömrüni we çuňňur mazmunly döredijiligini Watanyna, il-halkyna bagyşlan beýik Magtymgulynyň mertebesini bu günki gün milli Liderimiz has-da belende göterýär. Eşretli ýaşaýşy öz halkyna bagyş edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ähli başlangyçlary rowaç bolsun!

Güljan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil’ gazeti,

18.05.2017ý.

Öňki makala

Tans göçgüni

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 826 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 252 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL