Hormatly Prezidentimiz tarapyndan her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edilmegi we onuň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabarasyna gabat gelmegi bilen halkymyzyň milli baýramlarynyň senenamasynda ýene bir goşa baýram emele geldi. Bu iki baýramyň bir günde bellenilmegi Aşgabat şäheriniň goýnunda ýaşaýan yşgyň, ýaşlyk hyjuwynyň, gujur-gaýratlylygyň hem-de gözelligiň joşgunyny artdyrýar.
Eýsem-de, säher bilen eline akja kepderini alyp, goýnunda ençeme bagtly pursatlary başdan geçiren eziz mekdebi, doganlyk we dostluk gatnaşyklarynda bolan synpdaşlary, bilimden paý beren mähriban mugallymlary bilen hoşlaşmaga — «Soňky jaň» dabarasyna gatnaşmaga barýan uçurymyň ýürek joşguny nähilikä?! Muňa düşünmek üçin hakydaňa ençeme ýyl mundan ozal ýazylan ýakymly pursatlary ýatlaýarsyň. Göwnüň edil uçurymyň elindäki akja kepderi ýaly alyslara atygsaýar. Birek-birege şeýle mähriban göz bilen garamak, iň gowy arzuwlary beýan etmek, öz ornuňy we okuw otaglaryňy kiçi synp okuwçylaryna galdyrmak kalbyňa uly tolgunma duýgusyny bagyşlaýar.
Şol bir wagtyň özünde täze maksatlara, indiki menzillere gönügen arzuw-isleg öz wysalyna ýetmäge howlugýar. Olar senden erjelligi, yhlaslylygy we has-da jogapkärçiligi talap edýärler. Ylym dünýäsine atarjak ýokary okuw mekdepleri hem-de olaryň goýnunda badalga beriljek talyplyk ýyllary hakyndaky pikirler kalbyňy heýjana getirýär. Öz saýlan ugruň boýunça ylymdan paý almaga, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga, ene-ataň gözlerinde özüňe buýsanç duýmaga bolan höwes maksatlaryň has-da mäkämleşmegine ýardam edýär.
Ak mekdebiň goýnuna mähriban käbäň elinden tutup gelen we ilkinji jaň dabarasyna gatnaşan pursatlaryň, ýaşyl köýneklije enaýy daşky görnüşiň, synpdaşlaryň bilen ilkinji gezek tanyşlyk açyşyň, ilkinji ele alan Harplyk kitabyň, mynasyp bolan bäşligiň bilen bagly wakalar göz öňüňde janlanýar. Öz öwrenijilerini mähir-muhabbet bilen gurşaýan eziz mekdebiň giň goýnunda nesiller tapgyrma-tapgyr sowat we bilim alyp, körpejelikden kämillige tarap ädim ädýärler. Mekdep ýyllarynda okuwçylaryň ählisiniň dilinde:
Eý, mekdebim, jana-jan,
Saňa bolan söýgim kän.
Sen misli enem deýin
Bakdyň maňa mähriban
diýen setirler ýaňlanýar. Öňler bu aýdym setirleri uly joşgun bilen ýerine ýetirilen bolsa, «Soňky jaň» dabarasynda ol uçurymlaryň uçganaklaýan gözlerinde begenç we tolgunma duýgularynyň özboluşly utgaşmasyny döredýär.
«Soňky jaň» dabarasynda, edil hemişekiler ýaly, mugallymlar öz uçurymlaryna umytly geljek arzuwlaýarlar. Olar mekdep howlusyndan asmana göterilip erkana ganat ýaýýan kepderiler mysaly öz okuwçylaryny ýagty geljege ataryp, ak pata berýärler we gowudan gowy arzuwlaryny beýan edýärler. Mähriban mugallymlaryň gözi bilen uçurymlaryň her haýsy bir gerekli käri ele aljak hünärmenler. Durmuş ýolunda öz ornuňy tapmak, ukyp-başarnygyňy jemgyýetiň we halkyň bähbidine gönükdirmek, Watana halal hyzmat etmek, döretmek hem-de öz mümkinçilikleriňden ýerlikli peýdalanmak bilen biz ilkinji sowat beren, ylmyň çuňluklaryna ataran, ýagty geljegimize uly ynam bildiren iň mähriban ynsanyň — mugallymlarymyzyň yhlasyny ýerine düşürýäris. Wagtyň geçmegi bilen ýakyn dosta we ýürekdeş dogana öwrülen synpdaşlaryň üstünliklerine guwanyp, olary öz bagtly günlerimize şärik edip, mekdep mugallymlarymyzyň hatda özümiziň hem aňlamadyk başarnyklarymyza bildiren ynamynyň, umydynyň näderejede mamladygyna göz ýetirýäris.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn hünärmenler bolup ýetişmeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Orta mekdebi tamamlaýan müňlerçe uçurymlara ýokary okuw mekdepleri giňden gujak açýar.
Şu gün ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň şanyna ýaňlanjak soňky jaň sesi olary ylym dünýäsine atarsyn! Ýaşlara bu jaň sesini nobatdaky gezek ýokary okuw mekdebinde talyp hökmünde diňlemek miýesser etsin!
Aýsenem KAKAMYRADOWA,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
25.05.2017ý.