Häzirki döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplarynyň tejribeli halypalarynyň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Dünýäde okgunly ösýän ylmyň ýaşlaryň gündelik durmuşynyň hemrasy bolmagy, olaryň bu ugurda gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de geljekde gazanan netijelerini önümçilige we durmuşa ornaşdyrmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Beýik ösüş ýoluna düşen döwletimizde döredilýän kämil ylmy merkezleri, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylan ajaýyp binalary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehniki binýadynyň doly güýjünde hereket etmegi milli Liderimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaş alymlarymyz halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly we ylmy-önümçilik maslahatlaryna gatnaşyp, tejribe toplaýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döredijilikli zähmet çekmegine, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegine, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ylym we bilim ulgamynda alyp barýan giň möçberli özgertmeleri, ylmyň innowasion-tehnologik gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda ýaşlaryň, hususan-da, ýaş alymlaryň intellektual kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär. Ýaş alymlaryň häzirki zaman dünýäsiniň ylmy binýadyny düýpli özleşdirmäge, daşary ýurt hünärmenleri bilen birlikde hünärlerini ýokarlandyrmaga, täze innowasion we tehnologiýa boýunça ylmy işler bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hem, ýurdumyzyň düýpli ylmy-tehniki kuwwatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň oňyn netijesidir.
Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň ylmy-döredijilik işleri bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin döredilýän şertler uly ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda “Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň” döredilmegi has-da buýsançlydyr.
Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ýaş alymlar we hünärmenler geňeşi bilen bilelikde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin tejribeli halypa professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda düýpli ylmy-amaly seljermeler, ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýokary okuw mekdebimiziň hem-de beýleki pudak edaralarynyň ýaş alymlary we hünärmenleri häzirki wagtda Arkadag Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan kanunlar hem kararlar esasynda hereket edýän “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyna”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň maksatnamasyna” we “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda ylmyň möhüm wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň öňünde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, innowasiýalaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň bitewüligine esaslanýan öňdebaryjy innowasion toplumlary we milli innowasion ulgamy döretmek, ýokary tehnologiýalar ulgamyny ösdürmäge we önümçilige ornaşdyrmaga işjeň gatnaşmak, ýurdumyza getirilýän ýokary tehnologiýalaryň importyny azaldyp, eksportuny döretmek, innowasion ykdysadyýeti we bilimleriň ykdysadyýetini ösdürmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň ilatynyň aň-bilim kuwwatyny dünýä derejelerine çykarmak ýaly möhüm wezipeler dur. Nesip bolsa, berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlarynyň milli ylmy binýadymyzy has hem pugtalandyrmakda we belende götermekde uly goşant goşjakdygyna ynanýarys. Eziz Watanymyzy has-da ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Myrat KERJAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
01.06.2017ý.