BAGTYÝAR NESIL

Çagalar — biziň geljegimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ene-atanyň, maşgalanyň ykbaly däl, eýsem jemgyýetiň ösüşi bilen bagly bolup durýar. Ýurdumyzda her bir çaganyň bagtyýar we sagdyn ösüp-ulalmagy üçin uly aladalar edilýär. Olara gowy terbiýe berip, dogry ýola ugrukdyrmak bolsa juda inçe iş. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine aýratyn üns berilýär. Her ýyl ýurdumyzda täze mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär. Olarda çagalara bilim we terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilime berilýän ägirt uly ünsüň netijesinde ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary, oňat dynç almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dynç alyş möwsümlerinde bagtyýar çagalar ýurdumyzyň gözel künjeklerinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bu bolsa çagalaryň aýratyn üns we alada bilen gurşalýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ähli işleri rowaç bolsun!

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Atamyrat etrap geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

03.06.2017ý.

Öňki makala

Ýaşlar we ylym

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 66 okalan

TEBIGATY GORAMAK — ÖZÜMIZI GORAMAKDYR

12 Awgust 2025 | 86 okalan

JAHANKEŞDE ŞAHYR

12 Awgust 2025 | 68 okalan

MEKDEP BAZARLARY