Ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädim bilim we ylymdan başlanýar. Ylym ösen aňyň, ösen jemgyýetiň miwesidir. Ylmy ösdürmäge aýratyn üns berilmegi netijesinde, ýurdumyzda ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Ýaş alymlary maddy taýdan goldamak, olaryň alyp barýan ylmy-barlag we tejribe-gurnama işlerini, taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy döredildi. Gahryman Arkadagymyz: “Ýaş alymlara goldaw bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadyny döredýändigimizi biz hemişe ýatda saklamalydyrys” diýip belleýär.
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň we talyplaryň arasyndaky ylmy işleriň bäsleşigi milli ylym ulgamyny ösdürmäge, alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, olary ylmy-synag işlerine höweslendirmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleri ösdürilýär. Geljegi uly ylmy-barlaglary, tejribe-synag we tehnologiki işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ylmy işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, olara iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Mekan MÄTIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba
hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby:
— Eziz Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, ylmy-barlaglar bilen meşgullanyp, täze oýlap tapyşlaryň üstünde işlemeklerine ähli şertler döredilýär. Men Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň ylmy işleriniň bäsleşigine Daşoguz welaýatynyň şertlerinde gowaça tohumyny takyk ekmegiň innowasion usuly baradaky ylmy işimi hödürläp, Arkadag Prezidentimiziň sowgadyna mynasyp bolandygyma begenýärin. Häzirki zaman şertlerinde ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň oba hojalygy bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Innowasion usullary ulanmak arkaly gowaça tohumynyň ýokary gögerijiligini gazanmak, tohumyň ekiş kadasynyň ýokary netijeli möçberini kesgitlemek, ekin meýdanlarynda gowaçanyň talabalaýyk gürlügini gazanmak boýunça agrotehniki kadalar esasy talap bolup durýar. Bu işimiň önümçilige ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň pagtaçylygynda ortaça hasyllylygy artdyrmaga, gowaça tohumynyň sarp edilişini peseltmäge, ýeri we suwy netijeli peýdalanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Türkmen ylmynyň döwrebap ösdürilmegine hem-de oňa ýaşlaryň mynasyp goşant goşmagyna döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys.
Zamira ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň talyby:
— Milli Liderimiziň parasatly taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň ählisi iň kämil tehnikalar, innowasion enjamlar bilen üpjün edildi. Hut şonuň üçin hem okuw sapaklarynda şol enjamlardan peýdalanmagyň usulyýeti möhüm meseleleriň biridir. Men ylmy işimi geometriýa dersinden sapaklary guramakda innowasion serişdeleriň ulanylyşyna we usulyýetine bagyşladym. Ylmy işimi Türkmenistanyň orta mekdepleriniň VI-XI synplarynda geometriýa dersinden geçilýän sapaklary innowasion tehnologiýalar arkaly guramaklygyň usuly aýratynlyklaryny öwrendim hem-de okuwçylar, mekdep mugallymlary üçin geometriýa dersinden okadyjy we öwrediji kompýuter görkezme maksatnamalarynyň toplumyny döretdik. Biz — ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämilleşmegimiz hem-de zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy has-da artdyrmagymyz üçin giň şertleri döredýän Arkadag Prezidentimiziň ähli işleri rowaç bolsun!
Esen HOJAGULYÝEW,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby:
— Häzirki zaman dünýäsinde islendik jemgyýetiň ösüşi ylym-bilime, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesillere berilýän ähmiýete baglydyr. Berkarar döwletimizde ählumumy ösüşi gazanmakda, pudaklaryň ählisiniň ýokary depginler bilen ösdürilmeginde kämil bilimli şahsyýetleriň kemala getirilmegine hem-de ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup ýetişdirilmegine aýratyn üns berilýär. Men ylmy işimi demir ýol ulaglary ulgamynda logistika merkezleriniň döredilmeginiň ähmiýetine bagyşladym. Bu günki gün ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalar, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz işimizde Türkmenistanyň ulag ulgamynyň düzümleýin tehniki-ykdysady derejesini seljermäge üns berdik. Şeýle hem bu işde ýurdumyzda döredilýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamynyň geljekki ösüş ugurlary, logistikanyň innowasion tehnologiýa hökmünde ulag ulgamyndaky orny kesgitlenilýär hem-de öňdebaryjy daşary ýurt tejribeleri öwrenilip, haýsy netijeleriň biziň döwletimizde ulanmaga has ýaramlydygy dogrusynda teklipler öňe sürülýär.
Kerim GURBANMEREDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy:
— Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde türkmen ýaşlary bu günki gün ylmyň dürli ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýarlar. Men öz ylmy-barlag işlerimi gözellikde we ýyndamlykda dünýä meşhur, türkmen halkynyň guwanjy bolan ahalteke bedewleri bilen geçirilýän seçgi-tohumçylyk işleriniň ähmiýetine bagyşladym. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary, athanalar gurlup ulanylmaga berildi. Ylmy işimi ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ylmy esasda seçgilemegi we olaryň asyl nusgasyny gorap saklamagy, at çapyşyklarynda atlaryň işjeňligini artdyrmagy, atçylyk sportunda ýokary netijeleri gazanmagy maksat edindim. Hormatly Prezidentimiziň biz — ýaşlaryň ylmy işlerimize ýokary baha berip, şa serpaýy bilen sylaglamagy biziň kalbymyzda uly buýsanç döredýär, täze gözleglere ruhlandyrýar, ylma bolan söýgimizi has-da artdyrýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan we röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!
Sülgün GULGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri:
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işleri toplumlaýyn geçirmek we olaryň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, şol sanda Internet arkaly maglumatlaryň dünýä bazasyna we elektron kitaphanalaryna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. Ylmy işimde häzirki zaman türkmen jemgyýetinde Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerine syýasy we hukuk nukdaýnazardan seljermeleri geçirmäge synanyşdyk. Ylmy işimiz ýurdumyzyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar bilen sazlaşýar. Şu ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi hem sagdyn durmuş ýörelgesini halkyň arasynda wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ylmy işimiziň seljerýän meselesi köpugurly bolup, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Men hem şu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolmak bagtynyň miýesser edendigine çäksiz begenýärin. Biz — ýaşlary uly maksatlara ruhlandyrýan milli Liderimiziň ähli işleri hemişe rowaç bolsun!
“Nesil” gazeti,
13.06.2017ý.