TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly seneleri şatlykly wakalar bilen utgaşýar. Ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň yzysüre «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitabyň il-günümize peşgeş berilmegi hem döwrümiziň bagtyýarlyk şuglasyna öwrüldi. 30-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Toý-baýramçylyk ruhunda, aýdym-sazlara beslenen dabarada hormatly Prezidentimiziň ýazan kitaplarynyň sergisi guraldy. Ýurdumyzyň gazanan beýik ýeňişlerini beýan edýän başga-da onlarça neşir önümleriniň, gazet-žurnallaryň şeýle hem milli medeni gymmatlyklarymyzyň sergisiniň guralmagy täze neşir edilen kitabyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüljek gymmatlykdygyny beýan etdi. Bu dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutany bolup, ata Watanymyza bagtyýarlyk eýýamyny getiren ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen menzilleriň, gurulan binalaryň tarypyny ýetirýän kitap her bir türkmenistanly üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgatdyr. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi, egsilmez yhlasy siňen ýyllar taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bitarap Türkmenistanyň syýasy abraýy ýokarlanyp, ykdysadyýetde uly üstünlikler gazanyldy, ýaşaýyş-durmuşymyz bereketlendi, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş, bilim ýaly ynsanperwer ulgamlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän özgertmeler amala aşyryldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadagyň ajap eýýamy» atly täze kitaby okanyňda, bu taryhy döwürde Türkmenistanyň taryhynda baý many-mazmunly wakalaryň juda köp bolanlygyna göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ykbalyna dahylly taryhy pursatlarynda düşürilen fotosuratlaryň ýerleşdirilişi taryhy yzygiderlilige eýedir. Kitap ýurdumyzyň jemgyýetçilik işgärleri, ylmy intelligensiýasy, bilim ulgamynyň wekilleri, taryhy öwrenijiler, talyp ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ylmy-yzygiderli edebiýat bolup durýar. Kitaby yzygiderli okap çyksaň, Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyny ýakyndan synlan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.

«Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden watandaşlarymyz bu kitabyň ýokary gymmaty hakynda tüýs ýürekden nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Eziz Diýarymyza hormat goýýan adam biziň köňüldeşimizdir» diýip nygtaýar. «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitaby synlan islendik halkyň wekiliniň biziň çyn köňüldeşimize öwrüljekdigine şübhe ýok.

“Nesil” gazeti,

01.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 160 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 51 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 333 okalan

ARMYT BARADA