Hormatly Prezidentimiziň: “Täze eýýamda bize iň zehinli, örän ýiti, ahlak taýdan arassa hem sagdyn nesil gerek. Olar Garaşsyz Diýarymyzyň geljegidir, ertir berkarar Türkmenistany dolandyrmaly we has-da ösdürmeli adamlardyr” diýip, aýdýan dürdäne paýhasyndan görşümiz ýaly, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaga, sagdyn durmuş ýörelgesi bilen ýaşamaga ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle bilim-terbiýe bermek, ylym, hünär öwretmek işini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, bu ugurdaky milli we dünýä tejribelerini giňden beýan etmek arkaly ýaş mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de häzirki zaman bilim ulgamynda gazanylanlary giňden durmuşa ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleriniň esasy aýratynlyklary bolup durýar. Bu möhüm wezipeleriň we wajyp işleriň abraý bilen hötdesinden gelmekde biz — ýaşlar hem ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman halkymyza, Watanymyza gulluk etmäge öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.
Ýurdumyzda öz hünärine ökde ylmy işgärleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny ylma çekmegi baş wezipeleriň biri hökmünde öňe sürdi. Çünki olaryň arasynda geljekde türkmen ylmyny ösdürmäge uly goşant goşjak zehinli ýaşlar gaty köp. Olary ýüze çykarmak, ylym äleminiň jümmüşine aralaşdyrmak bolsa ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň baş wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ylmynyň täzeden galkynmagyna badalga beren möhüm resminamalara — “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda” Kararlara gol çekmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken şol resminamalary esasynda türkmen ylmyny döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ýaşlary ylmy işe çekmäge, dünýäniň ylmy giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlaryň neslini taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaş alymlara maddy goldaw bermek, olaryň amala aşyrýan ylmy-barlag işlerini we taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy döredildi. Ýaş alymlara goldaw bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadynyň döredilýändigini biz hemişe görýäris. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanunda talyp ýaşlarymyzyň, ylmy işgärlerimiziň has hem döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilim almakda we zähmet çekmekde Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlary barada giňden beýan edilýär. Ýagny ýaş alymlaryň döwlet tarapyndan goldawy amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary Merkeziniň täze binasyna aýlanyp görmegi, biz — ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. Ulanylmaga beriljek bu täze binada işlemäge ähli amatlyklar döredilendir. Bu binada iri medeni çäreleri geçirmäge ýörite sahnasynyň bolmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Geljekde jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça ýaşlaryň başarnygyny, sagdyn we kämil ösüş derejesiniň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, şeýle hem Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň hukuklaryny, bähbitlerini goramakda we muny iş ýüzünde amala aşyrmakda uly işler alnyp barylar.
Şu maksatlardan ugur alyp, energetika pudagyna gerekli, täze innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde, olaryň aň-düşünjelerini, edep-ekramyny ýokarlandyrmakda olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda TMÝG-niň Mary welaýat geňeşi bilen bilelikde medeni-köpçülik çärelerini geçirýäris. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe energetika pudagy belent sepgitler bilen arşa galýar. Hormatly Prezidentimiziň biz — mugallymlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, Watanymyza gerekli, mynasyp ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Seýitmyrat ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy,
ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
05.08.2017ý.