BEÝIK IŞLERIŇ BINÝADY

Halkymyz bolelin, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar. Raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, ykdysady we durmuş taýdan goraglylygy, Diýarymyzyň çäklerinde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, göwün göteriji beýik işler tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ýer ýüzüniň aglaba döwletleriniň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwri biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegi çuňňur parasatly döwlet Baştutanymyzyň tejribeli ykdysatçydygyny we syýasatçydygyny güwälendirýär.

Ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň ählisinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky döwürde Lebap welaýatymyzyň çäklerinde hem döwletimiziň ykdysadyýetini has-da pugtalandyrmaga, adamlaryň sagdyn we bagtyýar ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen taryhy wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Sanlyja ýylda gözümiziň alnynda döwrebap sport desgalary, stadionlar, mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şypahanalar, saglyk öýleri, zawod-fabrikler, medeniýet öýleri, kitaphanalar, ak bazarlar, döwrebap obalar gurlup, ulanylmaga berildi. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň ertiri bolan ýaşlarmyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýagty geljegi nazarlap amala aşyrylýan bu beýik işler ildeşlerimiziň ýaşaýyş derejesini gowulandyryp, güneşli Diýarymyzyň şanly ösüşlerine itergi berjek uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

«Sanasaň sogaby kän» diýdirýän şeýle beýik işleriň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň öz raýatlary hakyndaky yzygiderli aladalarynyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Şoňa görä-de döwlet Baştutanymyzyň biz — ýaşlar üçin edýän şeýle uly aladalaryna halal zähmetimiz, döredijilikli işlerimiz bilen jogap bermek, jandan eziz Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine öz goşantlarymyzy goşmak mukaddes parz bolup durýar. Elbetde, muňa döwürdeş ýaşlarymyz juda gowy düşünýärler. Şeýle bolansoň, döredip berýän giň mümkinçilikleri, edýän atalyk aladalary üçin ýaşlarymyzyň kalbyndan çykýan buýsançly sözler Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş bolup ýaňlanýar.

Bagtyýar we kalby joşgunly ýaşlary hemmetaraplaýyn çäksiz aladalar bilen gurşap alan, ata Watanymyzy jandan eziz görüp söýmekde bize nusgalyk görelde görkezýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

Sülgün KERIMOWA,

TMÝG-niň Atamyrat etrap geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

05.08.2017ý.

Indiki makala

MERTLIK MEKDEBI

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 824 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 252 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL