«Köp bil, az sözle!», «Dil bilen nöker – bal bilen şeker; Dil bilmez nöker – abraýyň döker», «Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar» ýaly atalar sözleri maşgalada, mekdepde ýaşlara öwüt edilip aýdylýar. «Miweli agajyň başy aşak» diýýän ata-babalarymyz ruhy baýlyga emläk manysynda garaýarlar. Ruhy baý adamyň ýüzi nurly bolýar. Ol danalara uýýar, dünýä belli meşhur adamlaryň göreldesine eýerip, özüni kämilleşdirip gezýär. Şonuň üçinem onuň özüne göwnüýetijilik edip, özgelerden özüni rüstem saýmak maksady bolmaýar. Şeýle adamlar aýtdyryp-diýdirmezden, many aňmaga ukyply bolýarlar. Ýokarda beýan edilen pähimlerden görnüşi ýaly, «dil bilmek» düşünjesiniň diňe bir gaýry halklaryň dilini bilmek däl, eýsem, sözden many aňlamaklygy, pikiriň çuňlugyna düşünmekligi, manyny tirmekligi aňladýandygyna hem dykgat edilmelidir.
Medeni miras
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN
13 Dekabr 2024
4415

Meňzeş habarlar
18 Sentýabr 2025
| 46 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
KEŞDEÇILIK SUNGATY: MILLI MIRASYŇ BEZEGI
17 Sentýabr 2025
| 109 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
MEDENI MIRAS – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY
16 Sentýabr 2025
| 101 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>