SPORT — ÝAŞLARYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly we buýsançly wakadyr. Sportuň 21 görnüşinde medallar ugrunda bäsleşiljek bu iri ýaryşyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hataryna ýaşlaryň köpsanlysyny çekmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Yklymyň sport baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan iri Olimpiýa şäherçesinde geçiriler, ol döwrebap desgalaryň 30-dan gowragyny öz içine alýar. Golaýda toplumyň çäginde ýerleşýän iki desganyň, ýagny Aşgabat «Olimpiýa» stadionynda ýerleşdirilen bedewiň heýkeliniň hem-de Olimpiýa suw toplumynyň «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilmegi şu günler ýurdumyzda höküm sürýän sport baýramçylygynyň ruhuny has-da belende göterdi.

Türkmenistan Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde bu hukugyndan ýerlikli peýdalanyp, halklary sport arkaly jebisleşdirmegi, dostlaşdyrmagy, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiziň bu giň möçberli oňyn başlangyjynyň rowaç almagy we dünýä derejesinde uly goldawa eýe bolmagy Tükmenistan üçin beýik dereje hem-de hormatdyr.

Milli Liderimiziň sporty wagyz etmekde şahsy göreldesi, ägirt uly tagallalary köpçülikleýin sport-bedenterbiýe hereketiniň hataryny artdyrýan türkmenistanlylaryň, aýratyn hem, ýaşlaryň müňlerçesini ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz sport çärelerine, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan sport desgalarynyň açylyş dabaralaryna yzygiderli gatnaşyp, sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň türkmen jemgyýetinde kada öwrülmegi üçin ähli şertleri döretmegiň, şol sanda wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň möhümdigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň sport we saglyk ulgamlary boýunça öňde goýýan wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, has takygy, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, olary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýän ýaşlar bilen duşuşyklary geçirýär, üstünlik gazanan türgenlere gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar. Şeýle hem TMÝG-niň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň, okuwçy we talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny yzygiderli guraýar. Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Çagalar gaznasy tarapyndan hem çagalaryň arasynda sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýändigini aýtmak bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleriň durmuşa ornaşdyrylýan, türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilýän zamanasydyr. Ýaşlykdan sporta bolan söýgini özüňde terbiýelemegiň uzak hem-de sagdyn ömür sürmekdigine düşünýän ýaşlar häzirki döwürde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi mizemez ýörelgä öwürdiler.

Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesi, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky umumymilli hereketiň başyny başlap we oňa ýolbaşçylyk edip, halkymyzy, aýratyn hem ýaşlary bu herekete işjeň çekýär. Häzirki wagtda bularyň ählisi oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan sport toplumlary, stadionlar ýaşlarymyzyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Olimpiýa şäherçesindäki Sport myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň agzalary bilen duşuşmagy we olaryň öňünde çuňňur manyly çykyş etmegi türgenleri täze üstünliklere ruhlandyrdy, diňe olary däl, eýsem tutuş ýaşlary buýsandyrdy. Türkmenistanlylar ýurdumyzyň türgenlerinden «Aşgabat 2017» oýunlarynyň barşynda ýokary netijelere garaşýarlar.

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň üstünlikli geçmeginde meýletinçilere hem aýratyn uly orun degişlidir. Ýaşlar bu belent ynamy ödemek üçin başarnygyny, yhlasyny we zähmetini gaýgyrmajakdyklaryny aýdýarlar. Mundan ozal geçirilen halkara synag ýaryşlary meýletinçileriň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezdi. Ýurdumyzyň meýletinçiler hereketi — oýunlaryň ýokary derejede geçmegi üçin ýaşlaryň aýratyn uly goşandydyr. Şular ýaly iri möçberli sport çäresine gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler we şertler üçin türgenler bilen bir hatarda meýletinçiler hem çäksiz buýsanýarlar.

Halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada çäksiz alada edýän Arkadag Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

16.09.2017ý.

Meňzeş habarlar