TÄZE BILIM OJAGY GIŇDEN AÇDY GUJAGY

Döwlet derejesinde geçirilýän her bir baýramçylyklar mynasybetli döwrebap edara binalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň toplumlaýyn açylyp ulanylmaga berilmegi ildeşlerimizde uly ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni we 2017 — 2018-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hem ýurdumyzyň çar künjegini şeýle açylyş dabaralar gurşap aldy. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim-terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynyň döwrebap täze binalarynyň birnäçesi ulanmaga berildi. 1-nji sentýabr güni hormatly Arkadagymyzyň ak pata bermeginde Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasy hem ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň kalplaryna uly şatlyk bagyşlady. Täze açylyp ulanylmaga berlen bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bar. Şol gün talyplaryň ene-atalary, ýakyn hossarlary ýaşlaryň şatlygyny paýlaşmak üçin elleri ýaşyl baýdakly, şarly, gül çemenli dabaranyň geçýän ýerine jemlendiler. Ýurdumyzyň röwşen geljegini ýaş nesillere ynanýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, sowatly ýaşlary terbiýelemekde ähli tarapdan çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Ýene sanlyja günlerden badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň aýyna gadam basdyk. Bu taryhy wakanyň öňüsyrasynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ulanylmaga berlen, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap binalar hem munuň aýdyň subutnamasy. Halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşaýşy ugrunda döredilýän şeýle uly şertler üçin ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.

Talyp bolmak bagty miýesser etdi

Şamuhammet ALTYÝEW, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň talyby:

— Synaglara yhlas bilen taýýarlyk gördüm. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda orta mekdebi tamamladym. Men paýtagtymyzdaky 48-nji orta mekdebiň uçurymy. Maşgalamyzda iki doganyň biri men. Agam Akmuhammet Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby. Men hem talyp bolmagy arzuw edýärdim. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylýandygyny gazetden okadym. Okuwa synanyşaýyn, nesibämde bolsa talyp bolaryn, synagdan geçip bilmesem harby gulluga giderin diýip, bu ýokary okuw mekdebine resminamalarymy tabşyrdym. Yhlasym ýerine düşdi. Maňa talyp bolmak bagty miýesser etdi. Begenjimiň çägi ýok. «Aşgabat 2017» halkara sport ýaryşynyň geçirilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Biz — ýaşlara şeýle uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Saýlan hünärime buýsanýaryn

Serdarmyrat NURMEDOW, «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň iş dolandyryjysy:

— Alty ýyl bäri şu kärhanada işleýärin. Halkymyzda gurmak, döretmek sogap iş hasaplanýar. Sogaply işlere dahylly bolmak uly bagt. Gurluşykçy hünäriniň eýesidigime begenýärin. Döwrebap binalaryň gurluşygynda goşandymyň barlygyndan lezzet alýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen täze açylan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binasynyň gurluşygyna doly gatnaşdym. Binanyň açylyş dabarasynda talyp ýaşlaryň şatlykly pursadyna şaýat bolmak has-da ýakymly täsir etdi. Nesip bolsa bu ýokary okuw mekdepde ençeme ýaşlar bilim alarlar. Geljekde öz saýlan hünärleriniň eýeleri bolup, halkymyza hyzmat ederler. Baýramçylyk gününde birnäçe kärdeşlerim bilen bir hatarda maňa-da hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Begenjimiň çägi ýok. Pursatdan peýdalanyp, işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Gurulýan şeýle ajaýyp bilim ojaklarynda okajak ýaşlar, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişsinler!

Biz — bagtly eneler

Akgyz MAHMYDOWA,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Biz — eneler bagtyýar zamananyň bagtly zenanlary. Asuda ýurdumyz, agzybir halkymyz bar. Ýurdumyzda bolup geçýän şatlykly wakalar göwünlerimizi joşdurýar. Baýramçylyklar mynasybetli ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän toplumlaýyn desgalaryň açylyş dabaralaryna uly höwes bilen gatnaşýarys. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen döwrebap desgalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasy. Ildeşlerimiz eziz Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu günki gün Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Täze ýokary okuw binasynda bilim aljak ýaşlar üçin ähli tarapdan şert döredilipdir. Bu ýerde ýaşlar 7 ugur boýunça 12 hünärden bilim alarlar. Ýaşlarymyzyň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, mertebesi mundan hem belent bolsun!

Men — şöhratly ýurduň bagtly gyzy

Kümüş GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň talyby:

— Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş maksatnama hökmünde bilim ulgamy, şol sanda akademiki, ýokary, hünärmen-tehniki we orta bilim mekdeplerini düýpli özgertmegiň maksatnamasynyň yglan edilmegi halkymyzda, hususan-da biz — ýaşlarda ylym almaga, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmäge buýsanjymyzy artdyrdy. Umumybilim berýän orta mekdebi tamamlap, dogry iki ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak arzuwy bilen fizika, matematika, taryh ýaly dersler boýunça taýýarlandym.

Ata-babalarymyzyň bize goýup giden «Bir okana bar, bir-de dokana», «Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýen dana pähimleri okuwa taýýarlanmaga egsilmez ruhy güýç berdi. «Yhlasa — myrat» diýleni. Men munuň şeýledigine özümiň mekdep ýyllarymda we ondan soňky işlän döwrümde oňat göz ýetirdim.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly ykbalymda ýatdan çykmajak ýyl bolup, kalbymda hemişelik orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň gurluşyk we binagärlik fakultetiniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, oňat okaryn, Watan duzuny haklaryn. Men şöhratly ýurduň bagtly gyzy.

Biziň ýurdumyzda okamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler bar. Şu ajaýyp pursatda türkmen il-ulsumyzy döwletli döwrana ýetiren, durmuşyň ähli ugurlarynda ylma daýanýan özgertmeleri amala aşyrýan, belent ruhubelentlige badalga berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden alkyş aýdýarys.

 “Nesil” gazeti,

02.09.2017ý.

Meňzeş habarlar