Hormatly Prezidentimiziň «Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýar» diýen parasatly sözleri bagtyýar il-günümiziň kalbynda orun aldy. Milli Liderimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil ýaş nesli kemala getirmek, türgenleriň sanyny artdyrmak, milli sportuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri öz miwesini berýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.
Olimpiýa şäherçesi kaşaň ymaratlary, desgalary, mermer düşelen ýodalary, sünnälenip salnan milli nagyşlary bilen haýran galdyrýar. Bu binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň üýtgeşik bir arhitektura ajaýyplygy bar. Bu ajaýyplyklar şäherçäniň özboluşly we gaýtalanmajak aýratynlygy bolup durýar. Sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen binalar biri-biri bilen utgaşyp, täsin bir sazlaşygy emele getirýär. Ep-esli meýdany tutup duran sport şäherçesi örän uly, emma şäherçäniň içine gireniňden barmak isleýän ýeriňi tapmak kyn däl. Meýletinçiler gerekli maglumatlar bilen üpjün edýär. Diwardaky ýazgylar we salgylar haýsy tarapa ýöremelidigiňi takyk görkezip dur. Bu ýerde diňe bir oýun meýdançasy däl, türgenleşmek, medeniýetli dynç almak üçin hem ähli zatlar göz öňünde tutulan. Şäherçäniň gözýetimi gurşaýan gözelliklerini synlamak üçin ýörite ýerler we beýleki zerurlyklar bar.
Ýapyk sport desgalarynda oňaýly şertleriň döredilmegi we olaryň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi halkara kadalara we sport tehnologiýasynyň talaplaryna laýyklykda türgenleşikleri we ýaryşlary, oýunlary tutuş ýylyň dowamynda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky ähli amatlyklar «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary bilen geçjek «Aşgabat 2017-niň» nusgalyk, belent derejede geçirilmegine gönükdirilendir.
Halkymyzyň ruhy we maddy-medeni gymmatlyklarynyň dünýä möçberinde giňden wagyz edilişi ýaly, milli oýunlarymyz hem dünýä ýaýraýar. Sportuň türkmen milli göreşi öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň taryhyndan alyp gaýdýar. Gadymy taryhy çeşmelerde türkmenleriň başa-baş tutluşykda sagdyn we çalasyn hereket edenligi beýan edilýär. Toý-tomgularda, märekelerde göreş tutdurmak, türkmeniň milli dessurydyr. “Pälwan” lakamyna eýe bolmak uly dereje we abraý hasaplanypdyr. “Gorkut ata”, “Görogly” we beýleki eposdyr dessanlarymyzda, rowaýatdyr hekaýatlarda hem başa-baş söweş sungaty, başa-baş tutluşyklar, göreş hakda giňden ýatlanylýar. Bu gün milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň başa-baş göreş sungaty — milli göreşi dünýä sportunda öz mynasyp ornuny gazanmagy başarýar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen türgenleriniň ýeňişli ýollary dowamat-dowam bolsun! Ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygyna deňeýän döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Eziz MYRATDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
16.09.2017ý.