Hyzmatdaşlygy berkidýän köpri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyz bu günki gün dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde giňden tanalýar. Şöhrata beslenýän beýik taryhy zamanamyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki türkmen sportuny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy boýunça ýörite resminama kabul edilip, ol dünýäniň alty dilinde neşir edilip, guramanyň agza döwletlerine ýaýradyldy. Bu ýörite resminamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň sport diplomatiýasynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandynyň hem-de alyp barýan hoşniýetli ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmagynyň subutnamasydyr. Agzalan Jarnamada sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolup, halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi hökmünde özara ynam we hormat goýmak ýagdaýyny kemala getirmäge hem-de umumadamzadyň durnukly ösüşi ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýmaga uly goşant goşýar diýip bellenilýär. Şeýle hem şol resminamada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly sebitleýin we halkara sport çäreleriniň geçirilmegi parahatçylygyň we abadançylygyň nyşany bolup, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak taglymatynyň ösdürilip, Halkara Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilýändigini iş ýüzünde subut edýär diýip beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň sagdyn jemgyýetini kemala getirmek, milletimiziň ruhy-ahlak sütünlerini berkitmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň özenini düzýär. Biz bu gün Türkmenistan — sagdyn durmuşyň Watanydyr diýip, uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki, adamlaryň sagdyn durmuşy hakdaky alada döwlet derejesinde amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň örän oýlanyşykly we döredijilikli beýik işleri, sportuň ynsan saglygyna, ynsanyň fiziki we ruhy taýdan sagdyn ösmegine, sazlaşykly jemgyýetiň döremegine peýdasynyň uludygyny görkezýän şahsy göreldeleri biz — ýaşlar üçin beýik mekdepdir.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda sport boýunça ýaş zehinlileri ýüze çykarmak üçin “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly sport bäsleşiklerini geçirmek diýen bölüminiň bolmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar maslahatynda beren tabşyryklary esasynda, ýaşlarymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşup, ata Watanymyzyň sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyranoklar.

Halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmak, Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyny has-da belende götermek ýaşlaryň mukaddes borjudyr!

Ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmekde berýän goldaw-hemaýatlary üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris!

Halkymyzy Gün kimin çoýup, röwşen geljege alyp barýan, il-halky üçin uly aladalar edýän, sport özgertmelerini ýokary derejä çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Süleýman DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

 Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

“Nesil” gazeti,

21.09.2017ý.

Meňzeş habarlar