BAGTYÝAR DIÝARA TÄZE ÝYL GELDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Kejebe» toý mekanynda Täze ýyl baýramy mynasybetli, bilim ulgamynda hem-de beýleki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, işjeň agzalaryň gatnaşmagynda «Bagtyýar Diýara Täze ýyl geldi» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň hem-de çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, şeýle hem, Täze ýyly wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çärä Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy oňa özboluşly öwüşgin çaýdy.

 

Mährijemal TOÝMÄDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 30 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 20 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY