KITAP YNSANYŇ ÝAKYN HEMRASY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň we etrabyň 34-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Kitap – ynsanyň ýakyn hemrasy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Pälwan SAPAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Murgap etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 60 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 62 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 97 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI