GÖWÜNLERI GANATLANDYRÝAN ESER

Ýakynda Lebap welaýat häkimliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara welaýatymyzdan il ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, şahyryň  doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen çäreler giňden beýan edilýär. Şeýle hem bu kitapda ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. Täze kitapda beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna üns çekilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir» diýip belleýär. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerini düýpli öwrenmäge we ony dünýäde giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Leýla AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.