Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.
Aşgabat şäheriniň 116-njy mekdebinde bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry geçirildi.
Türkmen milli oýunlaryny oýnamak, aýdym-saz we tans sungaty, surat çekmek we amaly haşam sungaty boýunça çagalar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň içinde has zehinli çagalar baýrakly orunlara mynasyp bolup bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.