WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

Şu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen bu ýaryşyň esasy maksady Arkadag şäherinde sporty ösdürmekden, ilatyň saglygyny has-da berkitmekden we sagdyn-durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmakdan, şol sanda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekden ybarat bolup,  oňa şäheri talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 81 okalan

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

30 Iýul 2025 | 410 okalan

ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

28 Iýul 2025 | 70 okalan

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ GELJEGI