ÝAŞLAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJIDIR

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjidir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda Balkan welaýat Kitaphanasynda talyp ýaşlaryň arasynda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, halallyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, «Watanyň daýanjy — ýaşlar” atly şygar astynda çäre geçirildi.

Çykyş edenler berkarar döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli, ugurtapyjy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annajemal NURJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

«Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 43 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 40 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 26 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT