WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 2-3-5-nji orta mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýetip gelýän “Soňky jaň” dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi üçin tertip-düzgünleriň berk berjaý edilmelidigi dogrusynda aýratyn nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, öz saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 43 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 40 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 26 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT