YLYM RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ÝALKYMY

Ýakynda Daşoguz welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi  Ylymlar güni mynasybetli, welaýatdaky orta hünär okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ylym röwşen geljegimiziň ýalkymy» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahatyň dowamynda täze tehnologiýalary, sanly bilim ulgamyny suratlandyrýan sergiler gurnalyp, maslahat welaýatyň ähli orta hünär okuw mekdeplerinde we bölümçelerde dowam etdirildi. Soňra maslahat Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde tamamlanyp, tapawutlanyp işlän we ylmy işler bilen meşgullanan mugallymlara hem-de talyp ýaşlara jemgyýetçilik guramalaryň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar ylym-bilim bilen meşgullanmana giň ýol açan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2025 | 67 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!

14 Noýabr 2025 | 69 okalan

ÝURT ABADAN — IL ABAT

14 Noýabr 2025 | 100 okalan

WATANYŇ BUÝSANJY BAGTYÝAR ÝAŞLAR