YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki Medeniýet öýünde Ylymlar güni mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bilim ulgamynda zähmet çekýän Ýaşlar guramasynyň agzalary duşuşyga işjeň gatnaşmak bilen, onda edilen çykyşlary uly dykgat bilen diňlediler. Çykyşlarda berkarar Watanymyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmekde amala aşyrylýan işler barada täsirli gürrüň edildi.

Toý ruhunda geçen duşuşykda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmaga giň mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.

Röwşen HOJAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 43 okalan

AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 111 okalan

TÄZE KITAPLARYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

15 Oktýabr 2025 | 109 okalan

SÖHBETDEŞLIK RUHUBELENTLIKDE GEÇDI