ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Golaýda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýüniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem-de Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýi bilen bilelikde guramagynda döredijilik bilen meşgullanýan çeper edebiýata, söz sungatyna höwesli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Ýaşlar Watanyň geljegi» ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda berkararlygy binýat edinen eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işleriň aýratyn orun eýeleýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza aýratyn hormat goýýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 68 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 48 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 164 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM