BITARAPLYK – MIZEMEZ BAGTYŇ BEÝANY

Ýakynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň hem-de Merkezi kitaphana bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk – mizemez bagtyň beýany» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly kitaplarynyň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňlere aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýolly ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 11 okalan

AWAZA HALKLARYŇ KÖŇÜL KÖPRÜSI

13 Awgust 2025 | 56 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”