SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil — bagtly geljek» atly şygar astynda sport çäresi geçirildi.

Bu ýerde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny şadyýan geçirip, labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda, şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çärä işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň işjeň agzasy,

Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar

19 Awgust 2025 | 6 okalan

DOSTLUK KÖPRÜLERI BERKIDILÝÄR

19 Awgust 2025 | 3 okalan

SPORTA SÖÝGI

18 Awgust 2025 | 34 okalan

«DOST-DOGANLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY»