Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Tebigat gözelligi» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan sport çäresinde çagalaryň çalasynlygy, erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwy mese-mälim duýuldy hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigi aýdyň ýüze çykdy.
Çäräniň ahyrynda çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Batyr BEGENJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.