Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda etrabyň Agalaň geňeşliginiň Medeniýet öýünde «Zenan eli gyzyl gül» ady bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda milli el işleri wagyz etmek boýunça dabaraly duşuşyk sergisi geçirildi.
Ene-mamalarymyzdan gelýän milli el işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen işleriň arasynda gelin-gyzlara niýetlenen owadan torbalaryň we sowgatlyk önümleriň hem bolmagy has-da ünsi çekiji boldy. Onda etrabyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Bibisoltan Sähetgurbanowanyň milli el işleriniň ähmiýeti, nagyşlarynyň döreýşi barada beren gürrüňleri diýseň uly täsirli galdyrdy.
Uly gyzyklanma döreden çärä gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize we zenanlarymyzyň zähmetine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.