PAÝTAGTYMYZDAKY RUS ÖÝÜNDE HALKARA KÜŞT GÜNI BELLENILDI

20-nji iýulda bellenilýän Halkara küşt gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Rus öýünde täsirli we kämilleşdiriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guralan intellektual baýramçylyk ýaryşy 7 we ondan uly ýaşly küşt höwesjeňlerini bir ýere jemledi.

Myhmanlary Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy Wepa Mälikgulyýew garşy aldy. Ol ýaşlaryň arasynda küşt oýnunyň wagyz edilmeginiň hem-de ýaş zehinleriň goldanylmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Çäräniň iň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, Türkmenistanyň erkekler milli ýygyndysynyň baş tälimçisi we FIDE ussady Mergen Kakabaýew tarapyndan görkezilen 40 tagtada bir wagtyň özünde geçirilen oýny boldy.

Çärä gatnaşyjylar üçin ussat tälimçi bilen şahsy bäsleşmäge we güýç synanyşmaga mümkinçilik berildi.

Çäräniň çäginde «30 minutda küşt oýnamagy öwreniň» atly sapak –küşt bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ajaýyp başlangyç boldy. «Küşt oýnunyň syrlary» atly ussatlyk sapagy – tejribeli tälimçiden peýdaly usullar, ýörelgeler we strategiýalar hödürlenildi.

Küşt tagtasynda pikirlenmäni, ukybyny hem-de öz ynamyny ösdürmek boýunça maslahatlar berildi.

Çärä gatnaşyjylar diňe bir gowy täsirler bilen däl, eýsem, täze bilimler, ylham we küşt dünýäsinde kämilleşmek islegi bilen öýlerine gaýtdylar.

Çagalaryň arasynda küşt oýnuny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy Halkara küşt gününe bagyşlap, yzygiderli iki ýylyň dowamynda şeýle çäräni Rus öýünde geçirýär.

Halkara küşt güni 1966-njy ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygy döretmek başlangyjy 1924-nji ýylyň 20-nji iýulynda Parižde döredilen Halkara küşt federasiýasyna (FIDE) degişlidir.

turkmenistan.gov.tm