AWAZA — HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Bu günki gün birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly mizemez ýörelgelerini özünde jemleýän daşary syýasatymyz dünýäde dabaralanýar.

Mälim bolşy ýaly, «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat" atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmegi taryhy ähmiýete eýedir.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyny görkezýär.

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň

Gumgüzer geňeşliginiň ýaşaýjysy.

Meňzeş habarlar