TÜRKMENISTANDA 7 AÝYŇ JEMLERI BOÝUNÇA MASLAHATLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady düzümlerini dolandyryş toplumlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatlarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi hem ara alnyp maslahatlaşylmak bilen, Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna garaldy hem-de ýurdy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle maslahatlar ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimliklerinde hem geçirildi.

 

turkmenportal

28.07.2025