GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Gözelligi we özboluşly binagärlik gurluşy bilen dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döreden, abraýly «Ginnesiň bütindünýä kitabyndan» orun alan Aşgabat, bu günki gün asudalygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň paýtagty hökmünde tanalýar. Bu ýerde halkara forumlar, festiwallar yzygiderli geçirilip durulýar.  Hormatly Prezidentimiziň  bimöçber aladalary bilen, milli äheňde döwrebaplaşýan paýtagtymyz Aşgabadyň özüniň nurana keşbi bilen, her bir adamda ýakymly täsirleri galdyrýar. Gözellik ynsana ylham berýän bolsa, ruhubelentlik eçilýän bolsa, onda şol gözellik mermer paýtagtymyzda bar we bu biziň ählimizde buýsanç döredýär, ruhubelentlik paýlaýar. Şunlukda, Aşgabat gözelligiň, döredijiligiň, ýaşlygyň we söýginiň şäheridir, dünýä parahatçylyk paýlaýan paýtagtdyr. Şeýle şäherde ýaşamak, bilim almak we döretmek uly bagtdyr. Hut özümiň hem, talyplyk durmuşynyň gaýtalanmajak ýakymly ýatlamalary gözel Aşgabadymyz bilen baglanyşyklydygyna guwanýaryn. 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasatynda öňe sürýän baş milli ugry – bitaraplyk ýörelgelerimize ygrarly bolmagyň hatyrasyna adamzadyň abadan ýaşaýşy we ählumumy howpsuzlygy bolup durýar. Päk niýetler syýasy nukdaýnazardan aýdyň başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Aşgabat şeýle başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň aýdyň ýolunda nusgalyk şäherdir. Şonuň üçin bolsa gerek, bu ýerde ählihalk çäreleri, halkara derejesindäki festiwallary, sergileri, duşuşyklary, netijeli diplomatik gepleşikleri we halkara maslahatlary geçirmek asylly syýasy endige öwrülýär.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň nusgalyk häsiýeti aýratyn simwoliki mana eýedir. Hakykatdan hem, Aşgabat birek-birege mähirli gatnaşyklaryň, dostlugyň, söýgüniň, ählumumy howpsuzlygyň we asudalygyň şäheri. Ol asylly däpleriň dowam etmegiň beýany bolan şähere hem öwrüldi. Şeýle görkezijiler gönüden-göni bütin ynsanyýetiň öňünde goýulan ählumumy maksatlara doly laýyk gelýär. Bu bolsa Aşgabadyň dünýä nusgalyk şäherdigini alamatlandyrýan subutnama bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň güni indi ýurdumyzda giňden dabaralanýan asylly baýramçylyklaryň hataryndan orun alyp, halkymyza şatlyk paýlaýar. Ýokary ruhubelentlikde garşy alynýan baýramçylyk joşguny, parahat we gözel paýtagtymyza bolan söýgüni has-da artdyrýar. Özgerýän we gülläp ösýän Diýarymyzda ak mermer paýtagtymyzyň hem möhüm orna eýedigi aýratyn bellärliklidir. Şeýle sahawatly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy ýatyr. Abadan ýurtda ýaşamaga, döretmäge, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýan bagtyýarlyk şuglasy üçin her bir raýatyň hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary ýüreklerde mukam bolup ýaňlanýar.

 

Serwi AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Iýul 2025 | 58 okalan

GÖZELLIGIŇ NUSGASY

30 Iýul 2025 | 46 okalan

DOSTLUK ÝOLLARY AWAZA UZAÝAR