Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda rowaçlyklara beslenýän asuda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýaşlar syýasaty barha pugtalanýar. Giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Çünki, ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr.
Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Ýaşlarda ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemek ýörelgelerine esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasatynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ýaşlar hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan ösen, täzeçil ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Şoňa görä-de ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, ýaşlaryň diňe bir döwletiň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň geljegi hasaplanýandygynyň we ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaşlaryň durmuşyndaky şeýle ösüş-özgerişlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ak ertirlere sary ynamly barýan, ruhubelent ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrýar.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmensitanyň Mejlisiniň deputaty.