MENIŇ WATANYM

Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ösüp gelýän çagalarda  eziz Watanymyza bolan söýgüsini suratyň üsti bilen beýan etmek maksady bilen  etrabyň 6-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Meniň Watanym» ady bilen surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Çagalar ajaýyp Diýarymyzy gözel tebigatyny beýan edýän owadan hem täsirli suratlary çekdiler. Her bir surat özüniň aýratyn manysy boýunça tapawutlanyp, olarda çagalaryň tebigat baradaky garaýşy aýdyň göründi. Bäsleşigiň ahyrynda tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2025 | 54 okalan

KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

14 Oktýabr 2025 | 62 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 112 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»