«AHAL» FUTBOL TOPARY AFK-NYŇ IKINJI ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ TOPARÇALAÝYN TAPGYRYNA GATNAŞAR

Şu gün Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen saýlama ýaryşlarynyň duşuşygynda «Ahal» toparynyň futbolçylary ýerli «Regar-TadAZ» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Geçen möwsümden başlap, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) yklymyň topar ýaryşlaryny düýpli özgertdi we üç derejeli täze ýaryşlary girizdi: iň güýçli toparlar üçin niýetlenen AFK-nyň Çempionlar ligasy, ikinji derejeli AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasy we üçünji – AFK-nyň Çagyryş ligasy.

AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasy öňki AFK-nyň Kubogynyň ornuny tutýar. Bu ýaryşda türkmen toparlarynyň arasynda iň gowy netijäni 2018-nji ýylda «Altyn Asyr» topary görkezip, finala çykypdy.

Täjigistanyň 2024-nji ýyldaky Kubogynyň eýesi bilen «Ahal» toparynyň arasyndaky Tursunzade şäherindäki Merkezi stadionynda geçirilen duşuşyk AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän möhüm duşuşyk boldy. Ýeňiji topar toparçalaýyn tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik alýarka, ýeňilen topar AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eder.

Duşuşyk meýdan eýeleriniň yzygiderli hüjümleri bilen başlady. 5-nji minutda «Ahal» toparynyň derwezebany Kakageldi Berdiýew Şerzod Mahamadiýewiň pes urgusyny saklady. 23-nji minutda myhman toparyň hüjümçisi Magtymberdi Berenow jerime urgusyndan pökgini geçirdi, ýöne pökgi derwezeban Manuel Panniniň eline düşdi.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň goşmaça minutlarynda täjik topary öňe geçmäge ýakynlady: Faridun Dawlatow pökgini Kwadwo Frimponge geçirip, ol hem kelle urgusy bilen pökgini derwezä gönükdirdi, ýöne K.Berdiýew pökginiň ugruny derwezäniň burçuna öwürmegi başardy.

62-nji minutda «Ahal» topary gysga burç urgusy bilen hasaby açdy. Elman Tagaýew çep gapdalyndan pökgini geçirdi, Bagtyýar Gürgenow bolsa kellesi bilen ony derwezä gönükdirdi.

Iki minutdan soň «Regar-TadAZ» topary jogap pökgüsini geçirmegi başardy. Derwezebanyň ýalňyşyny düzetjek bolan Beglimuhammet Bekmyradow pökginiň boş derwezä girmeginiň öňüni aldy. Emma pökgi yza gaýdyp, Dawid Atsama düşdi. Ol bolsa 25 metrden güýçli urgy bilen pökgini derwezä geçirdi – 1:1.

Duşuşykda ýeňiş gazanan pökgüni «Ahal» topary 82-nji minutda geçirdi. Hakmuhammet Bäşimow sag gapdalyndan öňe geçip, jerime meýdançasyna pökgini geçirdi. Süleýman Mirzoýew bu pökgini ýakyn aralykdan ýerine ýetirip, hasaby 2:1 etdi.

«Ahal» toparynyň bu ýeňşinden soň Türkmenistan ilkinji gezek bu ýaryşda iki topar bilen gatnaşar. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bilen bilelikde bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi hökmünde wekilçilik eder. «Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň yklym ýaryşyndaky garşydaşlary 15-nji awgustda geçiriljek bije çekişlikde kesgitlener.

turkmenistan.gov.tm