Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornunyň binýadyny has-da düýpli mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Türkmenistan ählumumy abadançylyk ugrunda giň we oňyn gepleşikleriň geçirilmegini ileri tutup, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bu babatda, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze we netijeli gurallary bilen kämilleşýär. Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine laýyklykda, iri we abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan halkara we sebit guramalarynyň 47-siniň agza bolmagy bilen bir hatarda, özüniň milli bähbitlerine görä, şeýle hem Bitaraplyk halkara-hukuk derejesinden gelip çykýan borçlaryndan ugur alyp, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky tagallalara mynasyp we saldamly goşandyny goşýar.
2016-njy ýylda, ýagny «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýylynda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty derejesine mynasyp bolandygy bellärliklidir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin binagärlik ýadygärlikleri bolan ýurdumyzyň demirgazyk şäherine hormatly derejäniň berilmeginiň çäklerinde geçirilen çäreler Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga, GDA döwletleriniň halklarynyň taryhy-medeni mirasyny geljek nesiller üçin aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşandy boldy.
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde geçirilen GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisde 2018-nji ýyl üçin Meýilnama we GDA-da 2021-nji ýyly Binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip yglan etmek baradaky resminamalar kabul edildi.
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýetara hyzmatdaşlygy: häzirki ýagdaýy, geljegi we hukuk üpjünçiligi» diýen mesele bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň iýun aýynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumyna gatnaşdy. Forumyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyş etdiler. Olar durmuş-ykdysady ösüşiň we rowaçlygyň möhüm ýagdaýy hökmünde bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryny özgertmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzir Türkmenistanda maddy we maddy däl medeni mirasy goramagyň hem-de wagyz etmegiň netijeli ulgamy döredildi, onuň köp bölegi umumydünýä ähmiýetine eýedir. Ýeri gelende, GDA döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdi esasynda 2019-njy ýyly Kitap ýyly diýlip yglan edilendigini bellemek bolar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň V gurultaýyna işjeň gatnaşdy. Gurultaýyň dowamynda umumy strategiýany işläp taýýarlamak we bilimi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen GDA ýurtlarynyň milli bilim ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Arkalaşygyň giňişliginde bu ulgamyň ösüşiniň esasy ugurlary seljerildi we mejlisiň netijeleri boýunça degişli resminama kabul edildi, onda işiň ýakyn iki ýyla niýetlenen esasy ugurlary kesgitlenildi.
Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde bolan mejlisinde Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi baradaky Karar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne alýandygyny aýdyp, «GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda giň mümkinçilikleri özünde jemleýän däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar» diýip nygtady.
2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, Ykdysady Geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk edýär.
Şeýlelikde, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi bilen GDA-nyň esas goýujy resminamalaryna laýyklykda, ozal kabul edilen halkara ylalaşyklary, çözgütleri yzygiderli esasda ýerine ýetirmäge, Arkalaşygyň gün tertibini many-mazmun taýdan doldurmaga gönükdirilen Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy kabul edildi. Konsepsiýa laýyklykda, GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, GDA-nyň gurşawynda durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryna ýardam etmek, GDA agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen syýasy-diplomatik özara gatnaşygyny güýçlendirmek; abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy meselelerini çözmekde Arkalaşygyň agza döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak; özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek, ulag we energetik taslamalary durmuşa geçirilýän, häzirki zaman infrastrukturasy sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşygyny döretmek maksady bilen, amatly şertleri döredilýän gurşaw hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna girişmek üçin amatly şertlerini döretmek; energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasion ugurlarynda GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek; arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek maksat edilip goýuldy.
Degişli Konsepsiýa tarapyndan göz öňünde tutulan ileri tutulýan ugurlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň öňdebaryjylygynda şu ýyl 30-a golaý çäräni geçirmek göz öňünde tutuldy. Olaryň 11-sini Aşgabatda, birisi Türkmenbaşy şäherinde geçirmek meýilleşdirildi. Olardan 31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini we 11-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini agzamak bolar. Düýn Aşgabat şäherinde başlanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bu çäreler GDA giňişliginde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmeklige gönükdirilendir.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň hem-de onuň daşary-syýasy strategiýasynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
16.05.2019ý.