Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşydaky halkara Deňiz portunyň «Ýolagçy-parom» terminalynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda geçirilen üçünji maslahatynda alnyp barylan işleri we öňde goýulan meseleleri halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Deňiz we Derýa ulaglary döwlet gullygynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler öz çykyşlarynda BMG-niň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasyndaky üçünji maslahatyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar guralandygy, olaryň hatarynda durnukly infrastrukturalary döretmek, kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we päsgelçiliksiz üstaşyr geçelgeleri döretmek bilen bagly temalaryň forumlarda aýratyn orun berlendigi hakynda söhbet edildi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan halkara logistikanyň döwrebap ösüşi barada öňe sürülen täzeçil pikirleri durmuşa ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri hakyndaky çykyşlar has-da täsirli boldy.
Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.