«DOST-DOGANLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 5-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli «Dost-doganlyk Parahatçylygyň binýady» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Awazada BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň üstünlikli geçmegi we onuň çäginde göz öňünde tutulan forumlar barada belläp geçdiler. Çykyşlaryň dowamynda esasy ugurlarynyň biri bolan Ýaşlar jarnamasynyň we onuň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä äşgär edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 16 okalan

«DOST-DOGANLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY»

18 Awgust 2025 | 23 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

15 Awgust 2025 | 49 okalan

AŞGABADYŇ GUJAGYNDA