ERJELLERI SAÝLAN ÝARYŞ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde baý mazmunly çäreler yzygiderli geçirilýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar, hereketli oýunlar, sport-görkezme çykyşlary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän çäreler uly gyzyklanma eýe bolýar. Munuň şeýledigine Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň tanap çekmek, hereketli oýunlar görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar hem şaýatlyk edýär.

Ýaryşlaryň açylyş dabarasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, olaryň kämil bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada durlup geçildi hem-de çagalara üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalaryň göwnüni göterip, üstünlik gazanmaga bolan hyjuwyny artdyrdy, şeýle-de ýaryşlaryň çekeleşikli geçmegine itergi berdi.

Tanap çekmek boýunça ussatlygyny görkezmäge merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Gyzykly geçen bu ýaryşyň netijesinde «Ruhubelent» topary üstün çykdy. Hereketli oýunlar görnüşi boýunça geçen ýaryş turuwbaşdan ünsi çekiji boldy. «Galkynyş» toparynyň erjelligi onuň ýeňiji bolmagyna ýardam etdi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Wepa ANNABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 22 okalan

ERJELLERI SAÝLAN ÝARYŞ

12 Awgust 2025 | 97 okalan

RUHUBELENT ÇAGALAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ