DÜÝN, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni halkara derejesinde baýramçylyk hökmünde ikinji gezek bellenilip geçildi. Bütindünýä welosiped gününiň döredilmeginiň gözbaşynda milli Lideriniň durandygy üçin ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde guralan dabaralara ildeşlerimiz uly höwes we buýsanç bilen gatnaşdylar. Bu baýramçylyk mynasybetli guralan welosipedli ýörişlere gatnaşanlaryň ruhuny belende göteren ýene bir hoş habar, bu hem Olimpiýa şäherçesinde 2019 sany welosipedçileriň gatnaşmagynda geçirilen welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda welosport we welosipedli ýörişler durnukly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi welosiped arkaly professional sporty wagyz etmegiň mümkindigini hemde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine ýol açylýandygyny aýtmaga esas berýär. Şeýle-de welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hökmünde bütin dünýäde giňden ýaýrandyr.
Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek bilen bir hatarda daşky gurşawy goramak meselesine-de aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselesine işjeň gatnaşýan döwletdigi bütin dünýäniň ykrar eden hakykatyna öwrüldi. Milli Liderimiziň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidini goraýan başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalar bu aýdylanlary tassyklaýar.
Birleşen Milletler Guramasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işlerini goldaýandygyny äşgär etdi.
2021-nji ýylda welosiped sporty boýunça dünýä çempionatynyň paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljekdigi welosipedçi türgenlerimizi-de tijendirýär. Adamzat bähbitli başlangyçlary bütin dünýäde goldaw tapýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerimiz çäksizdir.
Marýam UMAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
04.06.2019ý.












