Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!
Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.
Hormatly adamlar!
Biz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçeris. Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.
Şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeleri kesgitläris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar. Şunda döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşleri gazandyk. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirdik. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.
Hormatly adamlar!
Hormatly Prezidentimiziň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegi, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamaga goşýan goşandy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen häsiýetlendirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak däplerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit soraglary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.
Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi arkaly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede üçünji gezek ykrar edilmegi hoşniýetli däplere esaslanýan daşary syýasatymyzy, şanly senäniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr. Halkara derejede ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiz we halkymyz üçin nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin geçen 30 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň gerimine we möçberine nazar aýlamak ýeterlikdir. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýä bileleşiginiň hormat-sarpasyny gazandy.
Garaşsyz Watanymyz öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly, jogapkär hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe boldy. Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Biz dünýä bileleşigi bilen umumadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine daýanýan gatnaşyklary alyp barýarys. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bolsa Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr. Biz hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini meýilleşdirdik.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki döwürde bu işleri dowam etdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan syýasaty milli kanunçylykda berkitmek üçin Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri durmuşa geçirmeli. Geçirilýän işleriň çäginde Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolardy.
Hormatly adamlar!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylar geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermeli. Şeýle hem maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet bermeli. Şoňa görä-de, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamaly.
Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli soraglar boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hormatly Prezidentimize degişli hasabatlary we maglumatlary bermek, şol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermegi tabşyrýaryn.
Şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany guramaçylyk topary bilen bilelikde aşakdaky işleri ýokary derejede alyp barmaly:
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramaly;
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmaly;
3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagy we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmaly;
4. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli;
5. Raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmaly;
6. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamaly;
7. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamaly;
8. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmaly;
9. Türkmenistanyň Mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmeli;
10. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek we bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmaly.
Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem uly wezipeler durýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, alnyp barylýan özgertmeler syýasatyna öz mynasyp goşandyny goşup, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmalydyr.
Hormatly adamlar!
Öň hem belläp geçişim ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin agzalan ugurlar boýunça täze teklipleriň üstünde işlemeli. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!