Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. «Awaza forumy — agzybirligiň nusgasy» atly maslahata etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şol sanda bagtyýar ýaşlar gatnaşdy.
Dabaraly maslahatda Awaza forumynyň myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri döredendigi, türkmen topragynyň gözel künjeginde geçirilen halkara maslahatyň berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göteren ähmiýetli waka öwrülendigi hakda täsirli gürrüň edildi.
Bu maslahatyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi onuň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy — diýip, dabaraly maslahatda çykyş edenler bellediler.
Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.