HEMIŞELIK BITARAP WATANYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI – HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde üç gezek ykrar edildi. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama kabul edildi. Soňra şeýle at bilen 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul edildi. Üstümizdäki 2025-nji ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde  “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi.

Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek baky Bitarap Watanymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri. Parasatly ýörelgelerden ugur alýan halkymyz 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar.

Şanly seneleri zähmet ýeňişleri we baýramçylyk dabaralary bilen garşylamak halkymyz üçin indi asylly däbe öwrüldi. Şonuň ýaly hem üstümizdäki ýyl ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup, baglaşylýan ylalaşyklar, geçirilýän halkara maslahatlar onuň taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar