Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlary döwrebap ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Hususan-da täze innowasiýa tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri öňe sürülýär. Häzirki zaman jemgyýeti sanly ösüşler bilen berk baglanyşyklydyr. XXI asyryň ilkinji onýyllyklarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi dünýäniň ykdysady, durmuş we medeni ösüşinde täze tapgyry başlatdy. Sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy diňe bir gündelik ýaşaýşy ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, döwlet dolandyryşy, ykdysady ulgamlar, bilim we ylym ulgamlary hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ykdysadyýetde sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy önümçilikleriň awtomatlaşdyrylmagyna, elektron söwdanyň ösdürilmegine, maliýe ulgamynda täze hyzmatlaryň döredilmegine şert döredýär. Blokçeýn tehnologiýalary, akylly şertnamalar häzirki wagtda halkara söwda gatnaşyklarynda giňden ulanylýar. Şeýle-de, elektron bank hyzmatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy raýatlaryň maliýe hyzmatlaryna elýeterliligini ýokarlandyrýar.
Sanly tehnologiýalar bilim ulgamynyň täze derejelere çykmagyna mümkinçilik berýär. Uzak aralykdan okatmak, elektron kitaphanalar, onlaýn okuw kurslary, wirtual laboratoriyalar bilimiň elýeterliligini artdyrýar. Munuň özi diňe bir döwrüň talaby bolman, eýsem, ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim çeşmelerinden peýdalanmagyna şert döredýär.
Sanly tehnologiýalaryň ösüşi jemgyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýän möhüm şerti bolup çykyş edýär. Ol ykdysadyýetiň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Umuman aýdanymyzda, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, jemgyýetiň ösdürilmegine täze ýol açylýar. Bu ugurda ylmy-barlaglaryň dowam etdirilmegi, halkara tejribäniň öwrenilmegi we degişli hukuk kadalarynyň işlenip düzülmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
Mämmedaly ORAZLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.