Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýet ulgamy barha kämilleşýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty üstünlige beslenýär. Sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge gönükdirilen tagallalar ýokary netije berýär. Döwletimiz tarapyndan ýola goýulýan halkara medeni gatnaşyklary hem işjeňleşýär. Halkara derejesindäki festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň, konsertleriň guralmagy ulgamyň ösmegine itergi berýär.
Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň, sungatymyzyň meşhurlygy barha artýar. Häzirki gün ulgamda zähmet çekýän zehinli ýaşlarymyz we ussat halypalarymyz şöhratly taryhymyzy, ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, döwrebap tanslary, sahna oýunlaryny, gyzykly kinofilmleri we teleradiogepleşikleri döredýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine, taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly senelerine bagyşlanan dürli mazmunly medeni çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Döretmegi, aýdym aýtmagy halaýan zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarýan bäsleşikler we ýaryşlar yzygiderli guralýar. Döwletimiz tarapyndan döwrebap teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet öýleriniň, sungat mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösmegine şert döredýär.
Bu döredilýän mümkinçilikleriň hözirini görýän ýaş döredijilerimiziň, halypalarymyzyň dilinde halkymyzy nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyşly senalar aýdym, nama bolup ýaňlanýar.
Annajemal NURJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.