ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERINI BERJAÝ EDELIŇ!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygynyň, durmuşynyň rahat hem howpsuz bolmagynyň möhüm şertleriniň biri hem ýol düzgünleriniň berjaý edilmegidir. Ýol hereketiniň düzgünleri – diňe sürüjiler üçin däl, eýsem pyýadalar, welosipedçiler, ýolagçylar üçin hem niýetlenen kanunçylyk ölçegleridir. Bu düzgünler jemgyýetiň tertip-düzgünini üpjün edip, adam saglygyny we janyny goramagyň esasy kepili bolup çykyş edýär.

Asudalygyň we abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol sebäpli her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän "Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň mekdeplerinde, okuw jaýlarynda çäreler we duşuşyklar yzygiderli geçirilip, ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklik giňden wagyz edilýär. Bu çäreleriň ähmiýeti ýaş nesliň ýol düzgünlerini berjaý edip, jogapkärli raýat hökmünde kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýär.

Ýol düzgünlerini berjaý etmek — her bir raýatyň jemgyýetiň öňündäki ynsanperwer borjudyr.

Dilber JUMAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 41 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 41 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM