MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary, şol sanda milli medeniýet ulgamy ýokary derejede ösýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sirk sungatynyň ösüşi täze derejä çykdy. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary türkmen sirk sungatynyň abraýyny dünýä ýaýdy. Toparyň döredilmegi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Sirk binasynyň durkunyň täzelenilip, gaýtadan ulanylmaga berilmegi bilen utgaşdy. Milli at üstündäki oýunlar toparymyz dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş edip, ençeme gezek sirk sungaty boýunça abraýly halkara baýraklarynyň eýesi boldy. Şol sanda Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli sirk sungaty täze gerimler bilen ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dörän ajaýyp Arkadag şäherimizde Göroglynyň adyny göterýän täze Sirk binasy köpleri özüne çekýär.

Hawa, owadan milli lybaslara beslenen toparyň dürli ýaşdaky agzalarynyň at üstündäki çykyşlary haýran galdyrýar. Olar akrobatlyk, atyp-tutma, darbazlyk oýunlaryna ezberliginiň, ajaýyp bedewlerimize tälim bermek boýunça başarnyklary bilen sirk sungatynyň ýokary derejesini görkezýärler.

Bu çykyşlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar we her kimde gaýta-gaýta tomaşa etmäge isleg döredýär.

Rejepmämmet GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 21 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 22 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI